ŞAHRUZ AKATABAÝ
BÖLEJIKLER
Her zat düzeler
Her zat düzeler
Tüm iňrikden
aý gylyjy
azgynlara gezeler
we gijeler
bir gündize sapylar
Goý bolmaýyn, ne armany?!
Meň ýerime
görjekler-de tapylar
***
Dost ýüzi bar diýäýmesem
durarym ýok jahanda
Maňa entejik gözellik
ýaşamaga bahana
***
Örülerde otlap güýmenip ýörün
Börüleri ýatlap eýmenip ýörün
***
Düýş bilen salgynyň araçäginde
Duşuşankyrladym hamragym bilen
Çynlyk el gatdy-da
her zat gutardy...
***
Aýak yzlar kowlap barýar bir ygy
Ýöne men ýaýdanjaň
serpilip durun
Müň basylan köne ýoldan berçikdim
Men täze bir adam
Men täze gadam!
***
Emlik göwnüm her çäk aňsa tasap dur
Uzaklary küýsäp dur
Ugrum ýalaň erkim,
sorasa her kim
***
Böňňürip aglasam, jak-jaklap gülsem
Gül açsam ýa solup ýere dökülsem
Bir saý-sebäp bilen ýüregmi elläp
Ölüdigin diridigin bir bilsem!
***
Osmazdan ýolukýar dilsiz emgekler
Çigdem ýüzün soldurýar bu epgekler
***
Ýaşamalymyşym şeýle bir tärde
Gije başym goýup
Ertir galmasam
Ahmyry armany bolmaz ýaly hiç...
***
Ok ýaly gönelip
batsaň ýüregme
Senden ynjyman
Gülden agyr boljak
hiç bir söz diýmen!
***
KÜŞT MYSALY
Sany kändir, gadry azdyr
Pespäldir sada pyýada
Ýöne onça gaýduwsyzlyk
Tapdy:rmy ulumsy şada?!
***
Asmany garaltjak bolup
Ot garalyp tüsseledi
Ahyr özi hassalady
Asmana gara ýokmazdan
Alawly ot sönüp gitdi
Işine ökünip gitdi
***
Hamrak çogly Gün ýaly
ak bulutdan syrylyp
Şonda meniň ýüregmi
ak bulut dek jan uýa
didim-didim bozarsyň-da gidersiň
***
Mertlerçe aglaman(1) diýdim
Gözüm sykdym
arman-arman
Ýöne döz gele-bilmedim
arzuwlarym başa barman
Bir damja ýaş akyp gitdi
___________
1)Aglamaryn
***
Bu dünýäniň eýmenç boşluklaryndan
Ýetişilmez başagaýlyk
salymlarna sygyndym
BIR GIJE
Bir gijäniň gylla-ýary
Yeke otyryn otagda
Bakjamyzyň çyrlaklary
Seslener solumda, sagda
Oýlanaryn bary zada
Dünýä häkim haýsy kada?
Akylmydyr ýa jebirmi
Başga bir güýçmükä ýa-da?
Şeýle batyp gitdim oýa
Öz günüme, il gününe
Öň bir gözläpdim sagady
'Wah nätdi bu?' bakdym ýene
Ol ýatypdy, yazygy ýok
Barçalar gije ýatýandyr!
Elbet ertir turar işlär
Beýle ýatyp örýän kändir!
Gijäň içinde özüme
Ýekemikä diýip ýördüm
Ýöne aýyň penjireden
Maňa göz gypyşyn gördüm
Parla solgun ýüzli bolma
Ýatmaz gözleriň hemrasy
Dünýäni ýagtylt hiç kişi
Bolmasyn ýoluň gümrasy
ŞIRAZ TÜRKI
(Hapyzdan Terjime)
O Şiraz türki bir alsa, bu göwnüm täzeläp jany
Gara hala bagyşlardym, Samarkandy Buharany
Äber saky şerabyňdan, taparmyň sekgiz uçmada
Bu Rüknabat akar suwny, o gülzarlyk müsellany!?
Aman aýnyp bela başlan, gözeller göz gören bada
Garakçy ýaly talarlar, yürekde sabr-u tarany(1)
Bilip goý ýar jemaly, bitmedik söýgimize zar däl
Sebäbi neýlesin çyn görklüler, bärden bezenmäni
Men ol gün-saýyn artan Ýusubyň görkün görüp aňdym
Hatasyz ýoldan aşyklyk, çykarjak diýp Zulyhany
Şekerden lagl dodagňa, ýaraşýar ajy sözler-de
Nigärim bagtly ýaşlar garry dananyň öwütlerni
Söýerler jandan artyk sen-de diňläýseň ne armany?
Meý-u sazdan söz aç häli, syryn az ara dünýäniň
Tapan ýok çözgüdin hikmet bilen, bir bilseň Allany!
Gazal ýazmak bilen dür düzdüň eý Hapyz oka serhoş
Pelek goşgyňa Ülker düzmesin seçsin, şudur şany!
1)
ZELIL GÖWNÜME
Hyýalyň gör geçen demlerde galdy
Ne söwdalar ýetilmän serde galdy!
Ýaýan ganatlaryň güýjürgemäni
Uçankyrlan höwäsiň ýerde galdy
Ýakyn ýat ýagdaýyň aňmany geçdi
Ýalaň ara düşen bir perde galdy
Uzak maksat, symyş ýoldan ejizdiň
Bu meýdan başga bir goç merde galdy
Gör Erkin durmuşyň dek ýetnelikde
Bu goşgyň çyr-çyryş depderde galdy
ZAR ÝÜREKDE
Ozaldan näçe hasrat bar ýürekde
Ýene bir parça gam ornar ýürekde
Bu derdi kysmatymdan görmesem men
Ne duşman goýdy ne dost-ýar ýürekde
Gysylýaryn emin tapmak başartmaz
Cykalga gözleýärin dar ýürekde
Çingiş düwnüm çözen barmy doganlar?
Şu perýat ýaňlanyp dur zar ýürekde
Galam ýazmakçydyr gurbum ýetişmez
Sözüm galar ýene näçär ýürekde
Haýyp gül beslejekdiň Erkin emma
Bu gün kütläp yatypdyr gar ýürekde
Taýýarlan: Şähruz Ak Atabaý

