ANNAMUHAMMET SADA
GÖZLEG KASETI
TEŞNELIK AÝDYMY
Men
Sen maňa teşne
Men bir ýyldyzjyk
Sen ýyldyza baý
kümüş ruh çeşme
Sähramda syrym
Synamda syrym
Bir gül hakda men
bir şygyr ýazsam
Bahar büs-bütin
seniň eseriň!
Men
Sen maňa teşne
Men birje salym
A sen hemişe
HASRAT
Sen giden giň asman
Men jana ataş
Döwük ganatly bir ýaraly guş
Saýraýşym gamgyn
Sende ganatym kakyp bilmeýän
Erkinden erkin
Ýyldyz göwsüňe baryp bilmeýän
Golaýdan golaý, ýakyndan ýakyn
Sen giden giň asman
Men jana ataş
Döwük ganatly bir ýaraly guş
GIJELERMIŇ KYSSASY
Gijede dogurdylar
Aýyň altyn barmagyndan süýt emdim
Aýymy ogurlatdym
Ýyldyzlaryň nurana zülplerine daýanyp
Ýöremegi öwrendim
Ýyldyzlarmy ýitirdim
Onsoň
Ganym gorky bilen
garaňkylygy ýoguryp
bir şahyr ýüregi dünýä getirdim
GYSGAÇALAR
Gül näm-üçin gül boldy
Müň gezek soradym
Yma-dymady
***
Duýup bilmeýäris, duýjak bolamzok
Biri-birimiziň ýürek ünjüsin
Göwünleri götermekden ejiz biz
Götersek-de aýaklaryň zynjyryn
TÄZE GÜNEŞ KASETI
ÝÜREGIM GYZGYN
Ýüregim gyzgyn
Ýüregim bir arzyly yşk odundan röwşen deňiz
Her kimiň sözi bar, her zadyň syry
Maňa şeýle diýýär ojagyň lowurdysy
Bu dergazap boguşlygy, bu teýkarsyz dymyşygy
ýeňer ýakyn günde bigüman
ýaz bilbiliniň nagmasy
Zamananyň nalyşyna gulak biýr ynsan
Gülüň haýyştyna lepbeý diýr ynsan
Ynsan düşüner düşünmändigine
Ah urup öküner
tyllany togap edip
Allany ünsünden düşürendigine
Zemin nagşy bilen goşga öwrüler
Asman ýagşy bilen bagşa öwrüler
Özüne dönüp özünde dynar
Bu dünýä gurulyp dynmadyk ynsan
Baş egiler pasyllaryň pendine
Ýaş döküler nesilleriň derdine
Bagt girer gujagyna ynsanyň
Wagt müner adamzadyň ardyna
Röwşen deňiz ýaly ýüregim gyzgyn
Ýetişen doňuz deý umydym batyr
Burnumyň sähelçe aňyrragynda
Ertirmiň ojagy lowurdap otyr
MÄHIR PEÝKAMYŇY AT
Neresselik bogazyny senden ölleýär
Neresselik seň goýnuňda boý alýar
Goý gendeler
gara aýaklaryn gunça lebiňe bassyn
Goý gödekler zülpleriňi çekeläp
Müňkürlik hadasyndan peýkeriňi assyn
Goý olar islänin etsin!
Sen göwräňi giň tut
Sen çekilen ýaý
Birjik müýnürgemän mähir peýkamyňy at
Mähir peýkamyňy at
Ýogsa wagşylygyň has çygry giňär
Gözleriň mähir bilen awlan itleriň
gurt bolup uwlar
Mähir peýkamyňy at
Bugdaýym galsyn, bostanym galsyn
Ýumşak düşegim, ýumşak pişigim galsyn
Erkeklik göbegini senden ölleýär
Erkeklik seň eliňde ulalýar
Öňkiň ýaly takdyryňy dowam et
Ukuda-da balaňy hüwdüle-de ýat
Mähir peýkamyňy at
HYÝAL ÖÝI
Hyýal ak öýlerniň tüýnüklerinde
Gerindi tüsse
Gussa kütgürdi
Umyt ötgürlendi, ýene bir kyssa
Gözleriň alynda çyna öwrüldi
Bardyk barymyz
köpüň dogasynyň
ämin gününiň tomaşasyna
Çoýundyk hem çokundyk
birleşen köňülleň al ataşyna
Kim görmedi şatlygyň dür düwmelerin
dirilenen didelerde?
Kim görmedi tikenli sýmlaryň çüýreýändigin
wagty geleninde
Ýekeje demde
Yzaly ýerde, yzgarly ýerde?
Doganlar ysgaşýar
Bir gülüp bir aglaşýar
Muňa älem ser edýär
Muňa asman ser edýär
Asman
armanly ýumulan dideler üçin
Ýaşyn sepýär gysganman
GIDIŞ ÝOLLARYNDA
Eger gidesiň gelse, ýekelikde sür alla
çaý çilim, suwdur nanyň
ýa-da
daşmy ýakynmy aşmaly menzil ýoluň
Bolmasyn bir hyýalyň
Çyrlaýarmy çagalaň
aglaýarmy aýalyň
Däli tentek diýýärmi kiçi dostuň, uly iliň
Minnetin çekmäni Gyratyň Bozdumanyň
Tenha özüň, bir özüň
Maksat hakda oýlan-da
Sebäbi
her kimsäniň selpäp ýetjek ýetgisi
Hiç kimse däl-de diòe şol kimsä meňzemeli
Ýoldaş agtarma asla
Sebäbi her ýüregiň özüçe awusy bor
Sebäbi her garagyň özüçe agysy bor
Sebäbi her adamyň özüçe yhlasy bor
özüçe ykbaly bor
ýaza garaşýan dag deý
Eret çür başyňdaky buz pikir garlaryňy
gyşa garaşýan güýz deý
Dök teniňde titreýän
myssyk hyýal arzuwlaň saralan ýapragyny
Gitmäge meýilli bolsaò
Tenha seniň ýoldaşyň bu gidiş ýollarynda
ýowuz ýalňyzlyk bolar
Hem-de şol ýalňyzlygyň
senden ýolunan güni
gidişiň tamamlanar
ähli zat aýan bolar!
KIMI AGTARÝARSYŇ?
Kimi agtarýarsyň?
Äleme ägä pähimdarymy?!
Örän azdyr olar
Olary tapmak
Kimi agtarýarsyň?
Ýurduna belet bilimdarymy?!
Azdan azdyr olar
Olary tapmagam
Ýene kim gerek
Ýeneki agtarýanyň
özüni tanaýan welidir belkem
Şeýle bolsa onda
derrew eliňi eňege eltäý
oka bir alham!!
HÖWESLER
Üwrelmek, emeklemek, ýöremek höwäsi
Oýnamak, ulalmak
Erkek bolmak, aýal bolmak höwäsi
bularyň barýsy höwesleriň biri
Höwesleriň piri
aýan bolmak höwäsi
GARAŞYK
Mende bir kämil, doly däli bar
Emmä ol häzir ukuda ýatyr
Seniň däliň gelip örüzerine
Garaşyp otyr!!
ŞYGRYŇ DÄL
Şýgryň däl, hakyky döwrüň ölemeni men
Ýogsa-da
Ýogsa-da
Haçana çenli ýürek islegimi
Senden ýalaň dilemeli men?
GYSGAÇALAR
Suw ýylanyň taşlap giden gowuny
Şemal sowgat üçin salyp ýeňine
Alyp barýar gurbakalaň toýuna!
***
Durmuş eýämiziň iş ýüzi
we ynsan haýranlyk gözi
we huzur
haýranlyga goşulmagyň gadamy
***
Müňde biri goşgulama düşüner
Onsoň ol biri
müňde bir adam bolandygyna
müň günden soň düşüner!
***
Dünýä meniň öýüm
Penjiresi özüm
***
Ilki ýüregiňi açjak bol aga!
Soňra gözleriňi çagyr kömege
***
Ýüregim ýaragym bilen kapyýadaş
Rehmiň derkar däl gardaş
***
Şahyryň elini doň gara daşlar
aňňalak suratlar
hatda
bibereket, bihereket ýürekler
işledip biler
***
Hemme zat sözleýär mende
Sallançagyň sesi
Salajaň gussasy
Dünýäň kyssasy
***
Hoşlaşyk ellerinden ürkme eý arzuw aty
Sebäbi erkinligiň
sakasydyr bu eller
Endik ýaryşlaryndan
gözlemegin myrady
Goý gitmek ýollarynda
synalsyn polat nallar
***
Gökde bulutlaryň böleklerine
ser et ezizim
çiňňirli asmana ökje galdyryp
Hem düşünjek bol
onuň syrly ýylgyrşyna
Ýok,
Söýgini böljek bolma ezizim
Mawy gözýetime tyg uzatma ezizim!
***
Bildim sensiz dünýämiň giňelmejegni
Giň gujagňy ger maňa
Bildim odunyň gögermejegni
Ýaşyl eliň ber maňa
***
Käte düýş görýärsiň
Bu düýş diýarsiň
Onsoň göwünjeň
käte oýalygyňa
sen ynanýarsyň!
***
Gezekli-gezegne güller açylýar
Gözlerim dem-me dem
uçganaklaýar
***
Ylym, ylym
Bu-da bir gizlin syr-da:
Eý syrly gülüm!
***
Garantgy dikildi daňa
Gorkaklardan ýaňa
***
Peltek şahyrlaram biziň peltämizden susýarlar
gerek ýangyjyn
Pyt-pyt edýän göwünlere ýetirmek üçin
şygyryň ujun
PYTYRAŇ GOŞGULAR
KERIM AGA
Dostlar!
Nädip ýitirdiňiz
elwan gülleri
Dostluk çemeni
bogan elleri?
Taýmaz baba!
hany seniň Hudaýyň?
Menzil!
ýolagçyňy nädäýdiň?
Eý garagum!
Gerin!
Dünýäni örüz!
Tüweleý turuz!
Gözler, gara gözler!
geçelge boluň
däli Jeýhuna
Bulutlar
göwsüňizdäki
sermes syllary
döküň mestana!
Bu gün asman, ýyldyzlar ýashana
Çynarym
häzir
asmana däl
ýere bakmaly
Bu ýetimlikde
kimden öwrenjek
ýapraklamagy?
1367
OJAGYM
şu günüm
geljegim diýýän
Ojak ak öýleriň keramatydyr
Ojak diriligiň alamatydyr
Aýazdan awunyp seni gözledik
Ümürden eýmenip seni gözledik
Sen gijeki gözleglerden döränsiň
Sen umytdan
uçgunlardan döränsiň
Gurşun sende ereýär
Polat sende taplanýar
Öýüm
obam
bütin ilim
senden nur alýar
Enäniň mähri bar
ýyly howruňda
Atanyň gujyry ýaşyl şöhläňde
Asyryň pähimi gyzyl goruňda
Ümzük atyp öňe barýas nuruňda
Türkmen
sensiz sesin äleme ýaýmaz
Türkmeniň bagtnamasyn sen ýazdyň
özge ýazmaz
Sen Türkmeniň doly arzuw gözleri
Sen Türkmeniň aýdan, aýtjak sözleri
Dokuz ýyl!
Bir ser etseň azajyk ömür
Ýöne gör sen näçe menzil geçilen
Dokuz ýylda
onlarça syr açylan
Ykbaldan nalamak bize ýatdyr ýat
Aslynda şeýleräkdir bu durmuş
Oýunlary bardyr her ragam, her tüýs
Görülmedik zatlar däl
zyndan
sürgün
töhmet
ýas...
Ýöne hiç zat böwet bolmaz umyda
Umyt atasydyr bar ýeňişleriň
Daşyňda pyrlanýan bu perwanalar
Gorapdy ýene-de gorar namysy
Hakykat ýeňipdi ýene-de ýeňer
Ojagym ýakypdy ümür tümlügi
ýene-de ýakar
Gudratyňa ynanýan
Azar 1366
GYSGAÇALAR
Yntyzar
bir gözüm açyp ýummak
Taýýarlan: Şähruz Ak Atabaý

