تبليغاتX
ارکین غوشغی / Erkin goshgy -

HAJYMYRAT AK

Ol 1355-nji h.ş ýylda Kümmet şäherinde dogulýar. Kakasynyň ady Mämmetanna. Hajymyrat Pars dili we edebiýaty ugrunda orta okuw derejesini alansoň, 1374-nji ýylda gulluk wezipesine gidýär. Ak 1383-nji ýylda öýlenýär we azat iş bilen güzeran geçirýär. Ol ýetginjek ýyllaryndan başlap öz ene dilinde goşgy goşmagy tejribe edýär. Türkmensähranyň bu ýaş şahyry klasik we erkin formalarda şygyr ýazýar. Ol öz goşgularynda täze beýan hem mazmunyň gözleginde. Ak häzir Kümmediň Myras adyndaky goşgy we edebiýat jemgyýetiniň agzasy. Onuň eserleri kä neşriýelerde çap edilse-de entek kitap şekilinde neşir edilenok.

 

GYSGALAR

Ussat Ahunber üçin

GYZGYN SÖZLE

Eý sen güneş, eý sen gyzgyn

Sen sözläňde duýgy ýagýan öz-özüm

Birje gyzgyn sözle

doly ýagaýyn men

Onom

Ýaşyllasyn bu gus-gury kagyzym

78.11

 

ŞU GOŞGYŇ ADYN BILMEÝÄN

Indi umyt ýokdur gelmegňe

Penjiräni örüp goýjak

Göwnüme göwünlik bermesin gözüm

gapyny-da örüp goýjak

Işik sesi käte meni aldaýar

Ah!

Entek-de

gözenekden ýalkym urýa göwnüme

78.11

 

UKY

Ýalkymlary ýörtüp tutmak gerek däl

Gabaklary galdyrsak

bakyş aýasyna damýar ýagtylyk

Belki

ýok, ýok, hökman biz ukuda!

Ýogsa nädip beýle dymýar ýagtylyk

78.6

 

TIKIM

Sanjyp dur ýüregmi igne deý bir zat

Bir çeper barmagyň hyýaly belki

ýaralary tikip dur

82.2

 

SENMI ÝA GOŞGY

Saňa ýeten bolsam

belki goşulmazdy beýle goşgular

saňa ýeten bolsam

Ýöne sen bolsaň goşgy gurysyn!

82.6

 

IŇ OWADAN GOŞGY

Meň iň owadan goşgym

iň owadan güli

göremde goşular

Şonda bilýän,

döweregme üýşüler

83.2 

 

ÝAŞAMAK

Ömür,

bir mardak suw

Bir gülüň düýbüne

dökülse ýagşy

83.7

 

Meň ellerim

ýelekleri ýadigär saklaýan

şol suwsuz pudak, şol suwsuz agaç

Seň ganatlaň

söýgini haklaýan

ýuwasyna dönüp gelýän

iň wepaly garlawaç

Ganatlaryň ger

Kamatyňy göreýin

Onsoň ýene gelinçäň

keşbiňi gözümde haýran

saklap duraýyn

84.5

 

Gözlerimdekä gözleriň

gursagymdan şygyr-şygyr ses gelýär

Bilýän bir-bir agtaryp

okyýýarsyň

ýürek depderim

84.11

 

RUBAGYLAR

Men kalbymy gulplamadym, ýapmadym

Göz ignäme yşkdan aýry sapmadym

Şährimizde açar bolsa synadym

Seň kalbyňa düşjek açar tapmadym

 

Rugsat ber bu gije ýatman aglaýyn

Akarlaň öňüni tutman aglaýyn

Üýşüp köşetmäge gelsinler gapa

Ýöne asla diýen etmän aglaýyn!

 

Gurak sowuk, oba urdy möjekler

El ýüzünde näme görse iýjekler

Bir çyradan ot alynsyn ynama

Oýa-oturyň sönmäwersin ojaklar

 

***

 

TAPARYN ALARYN

Ýene şol gözleri görmäne barýan

Ölmän gelsem gök deý gürläp gelerin

Tozan siňen tenim agyr özüme

Bakyşlarna ýuwup durlap gelerin

Göwni belli ýerde durmaz diýdiler

Bir dünýä gursagy dörläp gelerin

Nirde bolsa yzarlap-da taparyn

Duýgymy daşyna düýrläp gelerin

 

EJIZ

Sen tükenmez suw, bir düýpsüz derýa

Meň dünýäm näme? öllenen kagyz

tolkun güýjüne

pytyrap barýa

 

Pikriňe çümýän

ýetişmän demim,

Hopukýar ýürek

güýçlüräk urýa

 

Sen tükenmez suw, bir düýpsüz derýa

Meň dünýäm näme? suw çeken agaç

Agralyp her dem

gark bolup barýa

 

Sen tükenmez suw, bir düýpsüz derýa

Bir düýpsüz derýa

82.10

 

 

GOŞGULAM ÝALY

Ellerine sygdym goşgulam ýaly

Sygdym, doldum, agdym goşgulam ýaly

Jöwenek deý oňa ýagma howlukdym

Tiz soragsyz ýagdym goşgulam ýaly

Bir uçgun gönezlik almadym otdan

Giz howruma çogdum goşgulam ýaly

Ýalňyşýansyň diýdim irkýän pikrime

Öz göwnüme degdim goşgulam ýaly

Eý göwün çykarma sesiň, hak oňky

Oňa syrym bogdum goşgulam ýaly

Aýtmadym dertleri şeýle dolsam-da

Öz içime agdym goşgulam ýaly

Mydam öwdüm, bir setir-de käýmedim

Gabyna bagt sagdym goşgulam ýaly

Menden, bary menden, kyn görme ondan

Buludy çig ýygdym goşgulam ýaly

Ertekileň sesin serpýär ýüregim

Iň düýşli gün dogdum goşgulam ýaly

Ýogsa oň mähri bar, ol kän mähriban

Men habarsyz ýagdym goşgulam ýaly

Beýle gürrüňlerden habary ýok oň

Zyr öz-özüm çogdum goşgulam ýaly

Sessiz ýazyklarmyň ýüzün ýuwar diýp

Oňa başym egdim goşgulam ýaly

84.4

 

 

MENDE NÄME ÝAZYK?

Ýüregmi ýygşyrdym oslanmajak ýerlerde

Ýyldyzyň arkasynda, aýyň arkasynda

Tümde seslenen

ýyldyrymlaň ajy gorkusynda

Ýarawsyz serçäň dyrnagynyň arasynda

Özüňe ýeten süýji

çöregiň ýarysynda

 

Ýüregmi ýygşyrdym belli bolmajak ýerde

Bir şahyra gyzyň şygyrlarnyň nokatlarynda

Şol irki

şol ilki

ýazyp pozan gögümtil hatlarynda

Ýüregmiň sesini ýygşyrdym pikrini edilmejek ýerlerde

Bir jäjek käsäň düýbünde

Ýürek keşipli gülleleň sesleriniň gapdalynda

Bir sigaryň kültabagynyň reňkinde

Bir sazyň synyp çatlan süňňünde

Ýöne sen, ýene sen

tapdyň, aldyň, atdyň, döwdüň

ýakdyň, sowurdyň

Sen, ýene sen

82.6

 

 

 

BIR AGYZ

Sensiz ýola düşmek düşmeýär maňa

göwne getirýän

gitmän oturýan

82

 

SANAGLY ÇÖPLER

Bir gap sübüşge aldym

Her gije ýatmadan öň

bir çöpün çakýan

Söndürmän saklaýan soňuna gelinçä

Barmaklarmyň dyrnaklarmyň deňine gelinçä

hamym çala ýanynça

Nebsime duýdurmak üçin

ömür kükürdiniň nähil ýanşyny

kül bolşuny

sönşüni

85.1

 

GARAÝYŞ

Men bir guş

zaman meniň ýeleklerim

Dökülip dur dünýäme

guş ýalagma

83.2

 

SOŇKY SETIR

Elkyssa

goşgular guşlary söýýär-de

gurşunlary söýmeýär

Guşlar goşgulary söýýär-de

gurşunlary söýmeýär

 

 

Taýýarlan: Şä
+ نوشته شده توسط عبدالقهار صوفی راد در چهارشنبه شانزدهم مرداد 1387 و ساعت 14:51 |
code=961467