|
BAÝMUHAMMET ÇENDIRI |
Jumaguly ogly. Doglan ýeri hem zamany: Kümmet şäheri, 1350-nji h.ş ýyly. Otumuşy: Kümmet şäheri. Ol 1369-njy ýylda orta okuwy gutaryp, iki ýyl gulluk wezipesine gidýär. Onsoň ýokary okuwy yzarlap 1377-nji ýylda Başlangyç öwrediş ugrunda lisans ylmy derejesini alyp, häzir bolsa mugallymçylyk işi bilen meşgul. Ol 1380-nji ýylda öýlenýär. Çendiri 12 ýyl bäri öz ene dilinde goşgy ýazyp gelýär. Şygyrlarynyň köpsi köpçülik meseleleri we ylaýta-da çagalar goşgusyna haslanýar. Bu ýaş Turkmensähra şahyry Kümmediň Myras adyndaky Türkmen goşgy we edebiýat jemgyýetiniň müdiriýet jeminiň erjel agzasy. Ol klasik formalarda işleýär we rubagy hem mesnewi galybyny köp ulanypdyr. Bir näçe goşgusyny gözden geçireliň:
RUBAGYLAR
YNAM
Eý zamana çyt ykbala gaşyňy
Dök üstümden ýygnap goýan daşyňy
Ynam bilen suwandyryn döşümi
SOLTAN
Bar guşlardan sordum: Asman kimiňki?
Hersi diýdi belli dälmi, meniňki
Giň asmandan goja bürgüt seslendi:
Ýele garşy ganat açsaň seniňki
AGAÇ
Tokaýlaryň agajydym bir zaman
Köküm ýerde, boýum bolsa al asman
Käýemezdim dutar bolup saýrasam
Eşeklere gazyk etdi bir ynsan!
SÖÝGI
Çägeleň ýüzüne söýgüden ýazdym
Goradym daşyna bir çyzyk çyzdym
Mylaýym tolkuna bozulan bada
Mukaddes söýgini kalbymda ýazdym
KERWENGYRAN
Topar-topar öňe barýar adamlar
Ýollar ümür nirä barýar gadamlar?
Kerwengyran garap otyr bukuda
Dolansanaň başy çaşan gedemler
KÖPRI
Ädimlerim ak bakyşyň üstünde
Derelerde ýylan yçýan kastymda
Uklamasyn şol mähriban gözleriň
Ölmegimem gülmegimem destiňde
GAÝRAT
Hany Sähram, hany giňden gujagyň?
Mele çörek bereketli saçagyň
Gülleriňi syla berdi gara el
Gynyňdanmy? poslap ýatyr pyçagyň
HORMAT
Enem meni doga bilen ýollaýar
Hassa Atam sözi bilen goldaýar
Ikisiniň hormatyna asmandan
Güneş maňa altyn elin sallaýar
DUMAN
Dünýä döräp nädip ýörsüň ýadaman
Aý ýüzüne gara çekip her zaman
Milionlarça ýyldyz şaýat aklygna
Garalaber ýadaýançaň eý duman
DERTLI DAGLAR
Gam çozanda beýik daga ýüzlendim
Daga diýdim başdan aýak duzlandym
Haýbat bilen gaýtalanda müň gezek
Utanjymdan ýere girip gizlendim
ENE HAKY
Bäş ýetimi gül geýdirip saklady
Ene hakyn olar şeýle haklady
Bir dünýäni bir ryýala satdylar
Goja enäň şonda kalby çatlady
HASRAT
Garşymda tümlük bar titirär ädim
Arkama ser edýän beýikmiş adym
Diýýärin dolanjak şol beýik ada
Wah arman aşarga galmandyr zadym
ERJELLIK
Altyndan ellerin sallaýar Güneş
Arassa niýetim! eglenme ýapyş
Gap-gara dumanyň ýiti hanjary
Gyrmaga gelende ýeňinçäň çapyş
ARASSA ARZUW
Ýör gideýli oturmaýly bu ýerde
Aýagymyz agsasa-da ardaýly
Belki biziň umydymyz güýç berer
Ak şäheriň ak suwundan dadaýly
Mähriň bilen kuwat berseň ýadaman
Ýüküň baryn öz arkama alaýyn
Uzak ýoluň agyr bolsa ümüri
Käte düşläp goşa tarym çalaýyn
Ikimiziň arzuwlary arassa
Enemiziň bize beren süýdi dek
Ýolumyza garap otyr baýguşlar
Serçeler dek ganatymyz kiçijek
Kän arzuwlar höwes bilen uçdylar
Al howada gara duman gabady
Şol neresse arzuwlaryň myrady
Giň gujakly ak ýürekli obady
Menem bilýän senem bilýäň ýoldaşym
Bu guşlaryň biri ýetýär myrada
Şol myradyň süýjüsiniň yşkynda
Ýakyp ýüpek ganatlaryny oda
Mylaýymja ýuka ýürek elleriň
Ellerime ömür boýy ýar eýle
Damarymda söýgi atyn çapdyryp
Üşän wagtym ýüregimi gor eýle
AGLA ASMAN
Asman neçüýn aglamaýaň
Ýere ýürek daglamaýaň
Ýer ýüzüni aldy gara
Ýüreklerde tagma-ýara
Syl bolup gel ýuw garany
Şatlyk alsyn bu dünýäni
Agla asman, agla asman
Gurap galdy otlar ösmän
Agla asman bu hallara
Joşup aksyn suw göllere
Goý ýaýnasyn balyjaklar
Suw oýnasyn balajyklar
Ahaw şahyr agla diýr sen
Ýöne ýürek dagla diýr sen
Bu dünýäge ynsan gelip
Gezemog-a jak-jak gülüp
Gazdy dogan dogan görün
Şondan bäri aglap ýörün
GAHRYMANLAR
Köçeler üm-sümlik, ýüregim gysýar
Buz ýelem guradyp, şaglaýyp ösýär
Birje söz diýmäge dilim ysmady
Gorkymy nämedir depämden basýar
Sandyrap agaçlar buza üşäp dur
Tümlügem kesilmän diýseň daşap dur
Ýylyja howanyň ýoluny kesip
Möýleriň kelebi daşyn gurşap dur
Baýguşlar üýşüpdir bu gün çokurap
Galmandyr birje gül köçe takyrap
Bilmedim serçeler ýatyrlar dymyp
Bu ýagdaý ýazylsa boljak ýüz kitap
Ýalaňaç galypdyr uzyn agaçlar
Saýranok uçupdyr bilbiller guşlar
Paltalar üýşüpdir köki gyrmaga
Açýarlar agzyny iýmäge peçler
Bir ýandan çapyldy agaçlar kökden
Paltalar urdylar dişi ýürekden
Ýaşajyk nahallar bardy arada
Bükülip galdylar dostlar yrakdan
Owradyp atdylar oduň içine
Bakmany ýaşynyň iki üçüne
Lowurdap ýanýardy barysy bile
Ot urdy penjesin ýaşyl saçyna
Peçleri boýapdy gyp-gyzyl ganlar
Ölüpdir öýdýärdim barmyşyn janlar
Şonda men eşitdim bu ägirt sözi
Küllerden döreýär bar gahrymanlar
GÜJÜJEK
Çagalar üçin
Güjüjegim güjüjek
Ak alaja kiçijek
Aýaklaryň küleje
Gel oýnaýly bileje
Süňke dişiň ötenok
Penjäň zady tutanok
Owlak bilen oýnaýaň
Tutjak bolup ýaýnaýaň
Käte guzy gaýtarýaň
Kä bilmeýän gaýkarýaň
Gije irden ýatýarsyň
Düýşde möjek tutýarsyň
Gorkanoklar howlaňda
Murtjagazyň towlaňda
Tukat bolma şatlyk ek
Ulalarsyň ataň dek
Senem ýüwrük bolarsyň
Awlap möjek alarsyň
ÇILIM
Birje barmak boýum bar
Jübülerde öýüm bar
Köýnegim ak arassa
Görmäň meni neresse
Ýele berip pullary
Guradýaryn gülleri
Ot ýanyp dur başymda
Köp nadanlar daşymda
Içim doly zäherden
Ýigrenýärin bahardan
Dostlarym kän dünýäde
Olar akmak hem sada
Meni sorup öpýärler
Tapjak bolup çapýarlar
Poz berýärler köçede
Ýöne düşýärler derde
Göreşemde ýykýaryn
Köp janlary ýakýaryn
Günde alyp müň jany
Dostlarymyň duşmany
GARA ÝEL
Geçip barýan doly bulut dursana
Rähmetiňden bir az bize bersene
Görmeýärmiň gujagymda bala bar
Diňlesene gursagymda nala bar
Güllerimiň gurap barýar kökleri
Göze ilmez arasynda doklary
Her birine birje damja döksene
Ýalbarýaryn bu gün ýere çöksene
Gül ýasyny tuta-tuta maýryldym
Ýyl-ba ýyldan gözellikden aýryldym
Aglasam-da gözüm ýaşy çykmaýar
Guranmyka neçüýn joşup akmaýar
Erkim bolsa dökjek rähmet baryny
Gül ýaňagyň çekip ýörün zaryny
Ýara arkam, gamçy urýar gara ýel
Goja toprak bak ýakamda gara el
Taýýarlan: Şähruz Ak Atabaý
