َABDYLHEKIM MAHTUMI
Ýyllar ýelek ýaly uçup barýar
Ömür güňleç güň gelejege
geçip barýar
Toýlar tutulýar
Eller çarpylýar
Ajal gelýär birden garak gapylýar
Ýene täze nesil gelejege dopulýar
Toýlar tutulýar
Eller çarpylýar
Onsoň ýene-de...
Beýleligini bilýän durmuşyň
Barýan inim-çykymlary aşyp men
Emma ne emaý bakyşa
ne ap-ak ýüze
belki bir nätanyş duýgulara
aşyk men
79.2
Näumyt otyrkaňam
howla ser edip
Birden gözüň düşýär
baglaryň içini böwsüp geçen
ikindi çagynyň güneşiniň
yşygyna
we birden ünsüňi çekýär
çagajygyň gülküsi
we şonda gözüň gidýär gözelliklere
Ýaşa sen ýaşa!
ýaşaýyş
diýesiň gelýär
79.2
Gel inhe ýar
ser et synama
Diňe seniň söýgiň sygýandyr
onuň törüne
Gel inhe ýar
eliň bile sylsaň ýüzümi
ömür küýzesi synmaka
Gel inhe
bagra basaýyn diýseň
gabra basylmamdan öň
Haçan sönjegim synjagym
näbelli meniň
Gijä galsaň
zaryn akýan
çeşmelerden
agtarmaly bolarsyň
meni
sen
78.4
Didelerim
akan çaý
Didaryň
egilmejek
el ýetmez
pudak
we ýürek
durşuna
telwas penjesi
71.10
Seniň didaryňda
duruja hyýal
döwerek daşymyza
sepelendi
Söýgini söýe tutunan kalbyň
görünip
gözleriň şöhlesinde
wusaly buşlap
Hasratly ýyllara bagş etdi
soňky nokady
Sen kim?
Belki sen
meniň göz ýaşymdan dörän
gözleglere
iňkislere
ýylyja jogapsyň
Duýgusy demirden bolan
dünýäde
ýalňyzlygmy
bollukdan gandarjak
hudaýlykly
mirapsyň
Eý sen
her kim-de bolsaň
Mukaddes sen
bugdaý sözleriň bile
Buşluk uçin
ýaranypsyň
döräpsiň
71.10
Meýletinlik telwasynda ýüregim
Emma,
çyka-bilmen bu tow düşen gandaldan
Hasrat bilen bakyp Elbürz dagyna
gözüm gidýär ak bulutlaryň
ap-ak eçilen
erkin ykballaryna
75.12
Biinjalyk ynjyk gezip
Ädiminden güňlük ýazyp
Depä gitmän etek ozup
dur şahyr
Hyýalynda şäher gurap
Şygyr bilen daşyn bezäp
Unut bilen edip harap
dur şahyr
Ser edibän bary gözgä
Görmäni dumandan özge
Ynam etmän iki gözge
dur şahyr
Ömür almasy gädilip
Ýaşaýandyr öýdülip
Şygyr depdere guýulyp
dur şahyr
75.4
Bazara çykaýyn diýdim
özüme görä bir çyra sorap
Görsem barja gözümem gapjaklar eken!
"Günüňiz özüňize nesip etsin
eý garaňky adamlar..."
diýdim-de
özboluşlylygma
sygyndym
76.7
Çaga
aýratyn aýna
Geçmişiňi ýitiren bolsaň
çaga ser edäý
Özüňi tapmasaň ilki
gözüň owkalap
ýaňadan ser et
Ýene göre bilmeseň
ýene gözüň owkalap
ýaňadan ser et
Onda-da göre bilmeseň...
79.2
Taýýarlan: Şähruz Ak Atabaý

