ýer titirände
tünekler yrandy tüniň ýarynda
müjüligin duýdy adamyň ogly
süňňi sarsdy bäbenegi aýylyp
ýaňja-da menlikli saýrapdy çogly .
gaçypatdy ýygynçagny taşlady
gutaryp bilsem diýp gara janyny
jandan eziz jenanlary nirede ?!
bir sellem unutdy han-y-manyny .
galagopgun pitiklän soň aňyny;
ejizligine dura bilmän ýylgyrdy!
Hamraklyk gözünde tegelenip dur
Duýan zady giden ümmülmez syrdy .
Ulgam-ulgam asmanlara oýlanyp
Özün tanan ýaly boldy bir mezil,
Çokundy bir beýik gudrat bar diýip!
Köňül, aň birigip edýärdi hezil! .
Döwür
Eý…!
Türkmenleriň pedegulusy
Haçan seni güneş maýrar?
Gözleme gümürtik görünýär !.
ýazyň ýaýbaň ýalkymyn
bu daglanan gara maňlaý
alkymlarmy?!
Gözleme…
Gümürtik,
Görünýär !
Belki şeýle borla
ýüregim dartyp dur
sen mahluk !
halyslyk gowagna uçratsaň-da
men;
Giň ýaýlymyň ahmyrynda
Howany demime ýakasym gelýär
Aýdyňlyk ýalňyz, ýakymly gonak
ýüregimde kök urýar,
bil hökman birgün güneş bolup dörär.
-hak ,
çommak garadagyň
böwürinden dogar-.
Hyýal
Bilbiliň sesini arka alyp gelen ýaz
Agaçlarda gülläpdi
Men sakalymy syrdym penjereden
Maýsalara seredip .
Aýalym guşluk çaýa supra ýazdy
Bir çäýnek umyt bilen .
-telewizyon,
adamogly wagşylygny ýaýýardy-
wah nätjek!
Gursagymda bir dowüm yürek
Elimde bir käse gaýgy
Öňümde bir supra göz ýaş ,
aňymda müňläp adam
…meniň atym hyýala münüpdi !.
bakyşyň
kirpigiň otly çöp , gözleriň ot
köňlümi gurşapdyr söýgi adly
bir zat
ýalynly gözleriň meniň geregim
ugruňda däli ýüregim .
wah !
duýansyň belki
jadylady meni , bakyşyň !
oýnadyp gaş , ýangynly gabak kakyşyň !
ýalkymyň ,
alkymyň,
döşüňe tumar dakyşyň .
geň däl eý perizat
Meniň seni göremde
Eräp akyşym ! .
Aglaň
"merhumlar : etrek teýýar, mämi heläki we dr.azym gül üçin "
gylyç bilen hak almaly zaman
aglapdi beýik pyragym
çowdur han üçin.
Oňmady ykbal,
Asman aglap bulut bökeledi
ýene gaýtadan
arman ! ,
türkmen ili mydam
serdarlarnyň matamynda gezmelimikän?
Saýasalan bagymyzyň köki gyryldy
Miwe bermän
Düýn ,
Wah arman!
Üç daýagyň, şuňkar guşuň
Ganaty gyryldy bu gün
Eý ilim aglaň,
Bogazlarda doňup galan
Öňki soňky dymyp galan
Agylary
Aglaň .
Megerem ýazgyt şeýledir
Megerem göripleriň görmäge
Gözi bolandäldir .
Çowdurhan!
Gylyç bilen hak almaly zaman
Kesilipdi ömür ýüpüň
Maksada ýetmän,
Illerimiz aglapdy gan .
Indi dile daýanmaly heňňam
Akyl gämisini goma agdartman .
Bilýäs muny
Il bolup bilýäs .
ýöne ýene-m
eý beýik allam!
Nämüçin,
Türkmeniň töre- begleri;
Beýle orta ýolda gidýäler nä kam
Aglaň bu gün , eý beýik ilim,aglaň
Ganaglaň-aglaň-ganaglaň
Meniň söýgüli ýarym
Goşgularyma ganat bekläp
Aýdymlarda uçurasym gelse-de
-ýaşlarym möňňürip,her zaman-
penjere ýapyk diýp,
demjigip,
ylgaýaryn çar ýana,
mydam meniň tesbim ,
laplap duran ýyldyzlar.
Meniň söýgüli ýarym
Türmäni saýlapmy dostuna ?!
Gözlerini men çyra edesim gelipdi ir,
Meni namutlyk derde duçar etme diýp
ýalbarasym gelipdi.
Tenim sommalyp durardy köçäniň çetinde
Äsgermezlik edip
Meniň ruhumy depeläp öterdi
Aýralygyň odunyň,
ýalawlary tenimden kül sowrardy,
men onda-da gorka mejal bermezdim.
Gözlerim tümlige tanyşlyk berip ir ;
Hanjaryny eline alyp haýkyrypdy
Çyramy elimden alsalar-da
Men namutlykda oturmadym… .
ýakymly ysy duýup tumşugmy ýele berip
durun,
garaşyp,
-gelersiň diýp-
söýgüli ýara.
Ýaza ynam,aşa joşýar
doňakly derýanyň gyrasynda delmunup duran ýeke söwdiň gözlerinde.
ýetiş söýgüli ýar !
ýaşyl ýapraklary bagyşla maňa .
Seni küýsäp
Agyly agşamlarda
Mydam seni küýsäp
Adamlar
Nätanyş mysapyrça
ýekelikde köçeleriň soňuna ýetmän
mazalak bolardylar .
gündizler,
bamlarda kebderler
söýgiden güýzgenerdiler
-enaýy bir uçuşa
göwrümli bir meýdan belki gerekdir.-
ikindin ,
pazlap otyýrdy mydam ;
-humarlygy sapana baglap zyňmak
kime başartýar.-
dagy demjikmegim ahmal,
bir nätanyş howanyň hatyryna
gazal düzmegim gerek.
Eý adyňa aşyk men !
Kümmediň bulutlary seni ýaganda
Men ellerimi gerip duraryn
Bag bolup ;
Almaň duýgulary mende dörär
Sen maňa täzeden jan eçilersiň,
Timarlanan görküm
Aýdym bolar… .
Hasratly goşgy
Duşmak
Çakdy ýyldyrym,ýürek çatlady
Keşbiň owadan nurana aýy
Bu gözlerimde hergiz batmady.
Görkana jemalyňa men aşyk
Meňlim owadan halyňa aşyk
Leplemde meniň höwes joş urýa
Jamyma guýan balyňa aşyk .
Yssyňy eçilseň ,bu köňül gar
Tümlükde syrymdan habar al ýar
Daň saza gelip gör bu gözümni
Gözlemde deňizleň eseri bar.
Bilsem-de meniň bilenlerim ýok
Elden giderip,gelenlerim ýok
Dynç menzilinde onüç perde-de
Erkana heňin çalanlarym ýok.
Gorkyny asyp öňe barmasam
Ot-suwda seni men agtarmasam
Ruhum dälirän ýazdeý,ynjalmaz
Içmesem seni, jama garmasam .
Türkmen nama "ykbal"
Ata-baba geçenlermiň ykbaly
Ganymyň elinden dumana dönüp
Ençeme ilogly ,beýik serdarlar
Öldiler döwranlar ýamana dönüp,
Asmanyň ýüzüni gurşap garaňky
Aý-ýyldyza ,garagözler gapylyp
Gözýetimsiz penjereler ýapylyp.
Şonda türkmenogly garry kakalam
Şolwagtlaň mäşelerniň peleňi
Juda türgenleşik bilen batyrgaý
Gyryp ganym ,ýasapdyrlar alaňy.
Bilmen şum ykbalmy ýa keç pelekmi
Olaň dünýäsine ýagyp harasat
Birden sähralarnyň tämiz säherni
Ogurlap goýmandyr başda parasat.
Şonda şol batyrlar ugur ýitirip
Edýän işin bilmän dargaberipdir
"maňa näme"diýlip,ýatan oňlanyp
ýatmadyk köp gara göz agarypdyr.
Penakär tapmadyk darganyk ile,
Eýemsyrapdyrlar köne duşmanlar
Gurutdan bir mala çopan bolarmy?!
Rähimdar bolmaz-la bigäne hanlar.
Goňşy penjeresi onsoň türkmene
Hojaýynyň pyýan-zägew sesini
ýaňladyp durupdyr,türkmenaga-da
rugsatsyz tutmandyr toýny ýasyny.
Çagalar-ýaşlardan zähmet talaply
Şallagyň zarbynyň kölgesi durdy
Oňmadyk ykbaldan nalyşly türkmen
Käte hyrçyn dişläp kä boýun burdy.
ýykyldy,süýrendi,adam ölmezmiş
döredip gorkydan ak mermerli tam
laýa batan aýaklarna seredip
gamlaýyna çümdi,didi nähatam,
haçana deň türkmen tümlige duşup
sypamaly onuň gara ýüzüni
derdiň reştesini işýärmiň ykbal
beset,görkez indi oňa ýazyňy.
Gözlerinden ogryn akan ýaşlary
Gören ýokdy mertlik damar bardy-la
Şol damary gyrylmadyk türkmenden
Birgün ganym tagty tar-y-mardy-la.
Teriň döwlet giç geler diýen ynam
Gözlerinde mydam tolkunlap durdy
Degmedige degmän hiç başyn egmän
Uzak döwran süren taryhy bardy.
Şeýdip agyr günler geçirip başdan
Tas demigip barýan türkmene ykbal
Ölmez ýaly bir gözenek dem berdi
Diýdi şaýla atyň kak aýagna nal.
Şondan soň kem-kemden türkmen daýanyp
Paýhas bürgüdini uçurdy göge
Sährasynyň degresinde ýaýnady
Göz ýetimi ýetdi kemerli daga .
Adamlar ,gadyrny bilip dostlugyň
ýaşaýyş gül açdy meňzedi baga
elimden tut ölmezimden ozal diýp
döredi höwesler aýdym aýtmaga .
Şeýdip sähram gujak açdy ak bagta
ýaz ýagyşy ýuwdy zemini-gögi
taňrym!köp görmegil,eçilip durgul
görgi gören nägün gören türkmeniň
ýaşyl bolsun bagy,bary ýetişsin
türkmen bagyň gök ýapragna her günüm
säher çygy bagyt bolup sataşsyn !.
agyly setir
Neçüýn arkaýynlyk bolmaýar arkam?
Men,
Bir zady elimden gideren ýaly
Teşwişli mydam .
ýaşlygyň ýazy
ýelpese-de bagy
neçüýn kirpiklermi garkedýär gam .
gapylan ýaly garaklarym,
bir jüp tanyş göze
bilmen nedir meniň hatam
gyzyl gülüň gany dökülmüş mi meger?
Köňül guşum beýle tukat
Beýnimiň ýazasy gelýär
Agyly setir…
Haçan bolar tamam
Bu ýüregimde dörän tupan
Söýgi çeşmesinden haçan saz akyp
ýaň salar buşluk,
gulak gutun aýdyma ýuwup
gunça deýin açylmazmy synam?
Bir ýodadan-bir ýoldan,
Şemal habar getirmezmikä?men gözüldere,
Täzeden toý tutmaz mykam?
Geçen lermiň ruhy ,
Daglar ýaly güýjin bagş edäýse-
Akabalardan-
Sähra ýaşyl öwüsse
Galkynar obam.
Göge depäm dirär,
Agyly setir,
…tamam .
wusal arzuwy
kereminden belki gowşursyn bizi
gül-bilbilli ýazy nagyşlan taňrym
ýa-da,salsyn meň ýüregme sowuklyk
dagy meni yşgyň derdi hor eder
meger söýgi sebephonlyk bilmezmi ?
bir gije aý,salyp gözlerme ýagty
ýar,jemalyň meň garşyma gelmezmi?*
saçlaryň çöşleri kylyp bendiwan
çyka bilmen hyýalynda hemişe,
umyt gözenegi bagly dur mydam
sen hakda kellämde dürli endişe.*
seretmezmiň men ejiziň halyna
gökde dörän bulutlarmy syrmazmyň?
Deňiz doly gaýgy ýatyr gursakda,
Gomlaryny gözlerimde görmezmiň?*
ýagyş kimin ýaşlar söndürmezmikä,
ýüregimde yşk odunyň közüni?
Haçan hasyl bolar meniň myradym
ýarym haçan görerinkä ýüzüňi?.*
gurak ýer
ömrüniň bary bolmadyk baglar
neçüýn ekilipdir.
Bolsadsy ganatym,
Hüdaýyň söýen ýurduna aşardym,
Erkşäheri ganat bekläp
Gelmese,
Şaryň bu ýaryna.
Itler kime gulluk edýär
Munda kime ganat bolýar
Atlar.
Bir ýudumly tüňçe bilen
Uçuklan bu teşne lebi
Allap gezmek
Ajy maňa.
ýaşyl ýaza-çeşmelere
haýsy gaýratyň
Düýnäp tünüň hanasynda,
Akylyn eýerläp
Ugur tapan bolmazmykan?
Gürtokaýyň kölgesini dyrmalap
Güneş sazyn çalan çaga dogmazmykan?
Iň garaňky uzak gijäň
Duzaklary diýdilip
Erkşäheri ganat bekläp gelmezmikän?
Bu gurak ýer,
Ýaşylýaza-çeşmelere dolmazmykan?!.
düýş
gel köňül uçaly bärden
bu tünekde jaýymyz ýok
çemen bogup ikimize
gülüp duran aýymyz ýok.
Ikimiz gowgaly başly
Didelermiz mydam ýaşly
Bir peri bar pylan ýerde
Hurma saçly,galam gaşly.
Şol perini gola saldym
Öten agşam satyn aldym
Şeýle bir bagt bolarmy diýp
baysynyp jakgyllap güldüm!.
Diýdi adym azadlykdyr
Isleseň dur,
Arkaýyn ýaz,indi etme;
Ogryn gürläp madyr-mudur…
Kä begenip kä geňirgäp,
Kän çyrmaşyp, kän gürleşdim,
Arman begler , arman begler
Düyş eken gozümi açdym,
Wah! Düyş eken,
Arman!
Düyş eken !.
Gitgir
Gitgir diýdiň maňa soňky düşamda
ýaşym ýalbarypdy
gözlerňe garap;
-tapamok çäre!.
döwür
Mekirler!;
Yzyňyza it salynyp kowulara wagt golay.
geçmişde ahmyrly durmuşy ýazan ýazgyçlar
indi ýadyny ýoýup täzeden kagyzy bezeýär.
Iki jähennemiň owarrasynda ylgan ruhlar
Pelek tigirin sakyndyryp
-asmanyň aňy ýerine gelip-
indi göýä ;
kebderleriň ganaty duýulara wagt golaý
togsan dolup;
güneş tagamyndan güller gögerip
döwür dolanjagna ynam-
höwürtge ýasapdyr ;
Atdan galan atalaryň,
Goýunlaryny gurt aldyran çopanlaryň
ýüki talanan bezirgenleriň
gözlerinde.
Suwsyzlykdan ,-ýaplaryň dodagy
Tebsirände-
Gülmän-yşman solanlaryň
Indi ;
Ruhy galkýar!
Adamlar elindäki boş çüýşäni zyňyp
Gapgarlan tüm hyýallaryň elinden,boşap, indi arkaýyn
Sesleriň gomy
Giden sährada ýaň turuzýar.
Indi; şemal,
Gözlerinde aglan ýagyşlarny süpürip,
-aýagy duzakly daglaryň
göýdük agaçlarnyň ýaş başlaryny
sypaýar.
Ýer,harasatdan soň
Çalykýar ,-
Günälerden.
Hemme zat bir suprada taýýar.

