|
Erkin goşgy Erkin,goşgularym Demir türmeden, Çünki men olary, Asmana ýazýan. Tümlükde Gijäniň,taryny sypap Bendiwançyň uka giden mahaly Ertire ynanyp Daňdana ýazýan . Gülüň howasyna saýrap ýazy küýsäp demime eredip buzlary aýaz çüýräne ýazýan. dimäň gyrda gezýäň gomdan bihabar, gijäniň gara çadyrynda men, aýdan şöle düşerçe gözenek gözleýän. hiňlenýän mydam goşgularymny, men hanjarymy bilime baglap gyratym bilen düz söküp deňiz aşýan, erkin, goşgularym boýun burmadan, erkin goşgularym görgi görmeden, çünki men olary ilime ýazýan. Asman
Kölgäň bilen ýaşaýaryn Ganatym gyrylsa-da Asman! Gideňok beýnimden. Gijä galma; ýürek üçin hawa bu ýalňyz ýürek üçin; ölmekden aýry ugura ugrukmak başartmaýar -ýaryň ýanynda duýulsam-da, özgeler üçin- diwar, dört ýana seretsem gurşap dur bir nepes dem almaga howa ýok!. Özümi bir gylça erkin duýamok Setirlerimi sanamaga Durnalar ,döwri duýup dolanmakdan dänen ekenler Men haýsy guşa köňül bereyin. Penjere ýapyk dur Gabaklarym gabarypdyr Kölgäň bilen ýaşaýaryn Ganatym gyrylsa-da Asman! Gideňok Beýnimden. Önüp ösdüm -söýgi gandyn ezip içdim- duýgylarym bilen görsem bagş ederin Bu teni-jany -Goşgularym bilen – Ýöne nätjek! iň gözel sözlery gaýgyly saz bilen samyrdap çekdim-çydadym gözlerim, köňlümiň gamyndan ýäp ýasap ötürdi mezillerini . …kölgäň bilen ýaşaýaryn ganatym gyrylsa-da asman! Gideňok beýnimden... Haw ýatanlar Iller,asmanlara kanun düzse Biz eşek minýäs. Asyryň altyn köçelerinden ýöräň diýilse, Biz; Tozanlap ýatan ýodalarda gezýäs ugur ýitirip. Biz diňe düýş görýäs Bir iňkis gara Yşyk ýakaýjagam ýok Bolsa-da meger Günä çüpreginde çolaşandyr öýdýäs, Nadanlykdan . Haw!ýatanlar,oýanyň Bizi gümralyga ündeýänler, Ellerine bagdak salýarlar Aýdyňlykdan Içenleriň . Birigmek Gabaklaryňy kak Dideleriňi täzele -uzakda bir guş ýaň salyp dur bu gümürtik durmuşa- häzir ; bu soňa çatmaz köçäniň soňuna oýlan asmanyň ýyldyzlaryny sanamadan biraz salym dyn. - biri iň täze sözi gulaklaryma ýagyp dur biri iň täze sazy çalyp dur- sen elleriňi ber elime ikimiz edil bulut bile ýel ýaly! Gabaklaryňy kak Dideleriňi täzele Ine bärde tebsirän dodaklara Dammagmyz gerek Men bu harasadyň ýüküni Gerşimde sakladym ençe mezil Gel ýarama melhem çaý. - uzakda bir guş ýaň salyp dur bu gümürtik durmuşa , biri iň täze sözi gulaklaryma ýagyp dur biri iň täze sazy çalyp dur- häzir , bu soňa çatmaz köçäniň soňuna oýlan asmanyň ýyldyzlaryny sanamadan biraz salym dyn, güneş gara dagyň aňyrsynda bize garaşýar. Zeýtun agajy Zeýtun agajynyň ýapragy ýaly Sen gülüp durdyň Bir giň seýilgähde. Men, ädimlerimi Dabaraly alyp barýardym öňe Şowhunly salymlar Salama gelipdi gaşyma Çünki ; Sen bezäpdiň gözlerimni Zeýtun agajynyň ýapragy ýaly Sen gülüp durdyň. Men munda , Ine müň ýyllardan soňam kimseleriň aňlarynda gatlanyp ýatan Höweslerden doýgun . Meniň gözlerimni sen bezäp dursyň Zeýtun agajynyň ýapragy ýaly...!. Otyryn gözümi sykyp… Gözümi sykyp otyryn Bürgütleriň başdan geçen ýazgytlaryny okap, durdy murty tanap ruhuny ýedi ýola zehinimde dolap otyryn gözümi sykyp. Jeýhun bilen bahry hazar arasynda , Köşeklerim,gülüp ýaýnar,diýen umyt Görüňle ,neneň nalaç! Iň soňy , Jüneýt hanyň gözlerinde gapylypdyr arman! Ruhuma beýik hanyň wesýetini galap, Otyryn gözümi sykyp Bürgütleriň başdan geçen ýazgytlaryny okap. Günorta – alpurz – daglarynyň, eteginde nuranalygyň ýakymly yssysynda Bägülleri darap, timarlap bilmedik Serdar ännegeldä aýat okap Otyryn gözüm sykyp… Bu gün, Ösen asyryň kyrk ýigitleri Göktaňra sygynyp Oý atyny eýerläp Il – gün diýýärler Goldaky galamlarny taraşlap; Pikirlerini bir suprada taýýar edip Otyrlar tijenip… Aglama şahyr , geljege gara Umyt tut ýaly berkesin beýniňde, Gözýetimde gara berýär garaşýan zadyň Aglama şahyr, galamyňy berk tut, Daýan , ýaşlaryň süpür… . …gözüm çatdy jady- jemmel meniň kärimdir öýtme meniň döwri durlap bilmejegime gözüm çatdy toprakdan ötüp ýeriň damaryna çenli yrryh ! gerşinden gum sowurýarlar adamlaryň arzyly günlerini ogurlanlar. …geler garaňky gijäni böwsüp Demir atyň uýanyndan tutup, Asmany bezäp Demir dony bilen görogly geler. Demir ýürekler,eräp, Alkyş aýdar dünýä, Bir bilbil bolup . Hezilligi,noş edip- bir çeşme suw ýaly- Ahmyrly ýaşaýşyň Soňuna taýak atyp Taplanar adam . ýakymsyz seslere ylgan ruhlarmyz tirsege daýanyp geňirgär demir doni bilen görogly geler. NAZMUHAMMED üçin Pelek keçligin edip Gambadasyny sundy Topraklary ez didäm Bagryň kebaba döndi . Tümlükde duran köňlüm Gambadasyny noş eýle Bu gün bir dag ýykyldy Didelerňi ýaş eýle . Söz meýdanyň gelşigi Nazmuhammet gitdi diý Darygaňda göwn açan Gujur-himmet gitdi diý . Rubagylar küýseýär ýazylmagy elinden hany nirä bukuldy uçupdyr-la gülünden . öçürmejek syýna köp müdimilik ýadyny ömri gysga boldy wah!, il unutmaz adyny . gülömrini ýoýdumy? Il derdine köýdümi? Arzyly akgünleri Görmese-de söýdümi? Merdi gözläp gezerdi Söýgi yzlap ýazardi Her bir aýtjak sözüni ýüreginden syzardy. Gel indi gör merdi gör Amanatyn berdi gör Aglamasam neýläýin Yşk kerweni durdy gör . Soňky demde sözleşmän Ganat bekläp uçdy ol Nämäni kyn gördikä? Bizden ara-n açdy ol . Mylgap adyň tutardy Gulagymda ýaňy bar Jaýy uçmahda bolsun Ynsan Urşuň ýalawunda tasap Atasynyň saýasynda ýaýnamadyklar Neçüýn indi, Ýazyň ýerine, Guraklyga ýolukdurýarlar, Bägülleri ! . Söýgi Görmän togap edse iller uzakdan Men guçsam diýýärin sen gülbedeni, Sensiz maňa dünýä ýaman duzakdan Däliredip ýörsiň bilýärmiň meni . Erkimni alypsyň özgä küý etmen Gijeler göz ýumup rahat ýatman Kowsaňam gapyňda guluň men gitmen Bilseň bakça-bagdyr bilbil mesgeni. Dünýäniň tagtyny täjini görmen Senden aýry harman çäjini görmen Söýgi barka paýhas güýjüni görmen Duýarmyň sen yşgyň jamyn içeni. Gollarym Seniň ýadyň goşga sygmasa ölem Gözleriň hanjary degmese ölem Görüpmidiň men deý jandan geçeni . Bu kalbym seň jaýyň özgelerden boş Joşsaň men bilen joş,men bilen oýnaş Jenanym bor janym sen bilen serhoş Dagy jan gerekmez görmesem seni . Derekler(ussatlar:färzam,purmänd, Bädähşan,onsori we…üçin) Sahramda derekleň,şükür sany bar Köpgörmesin taňrym daňym sazberdi Guwanyp elime aldym galamym, Taryp edsem diýip ençeme merdi. Sözi şahyrana şirin labyzly Duýguýnyň ojagy paýhasyň käni Şum ykbal ilime abana bilmez Çün jomartlar ýagtylapdur asmany. Ynsanýete uýan perişte sypat Mähir ýüreginde, nurana ýüzi Sähraň sadalygnyň,sähraň giň liginiň Göýäki diýersiň mysaly özy. Dideleri umman, dostluk möwç urýar Elleri galamly,hanjar ýerine Sözleri eredýär, daglaryň daşyn Buýruk edýär, keç pelegiň perine. Buşlukberip, giden-bir dünýä daňy ýyldizlara arka bulýar asmança üýanarlar! Azanyňy yaňlat diýp şahyrlara goltgi berýär dermança. Dugambudur,ýaşasynlar ,il üçin Saýabolup ,çeşmebolup ,çog bolup Köpi gören saçagardan, agalar ýaşasynlar ,mydam wagty çag bolup. Arman! Gözleriň gepledi ilky tanşamda, sadaja mylgap Saçlaryň ümetdi, utyrdyň darap ysy dartdydurdy boýnuma nogtasyn orap. ýöne arman ara açyk bolsun diýp, pelek pata bermedi goltuguňda bir gije düýnäp gaşyňda dyza çökmäge. Arman-arman, Gijä- gündize garaşyp ol aýa –güne, Alkymyň- altyn teniňe Gülgün alma- enarlara… Eýýar! ýüregim ýara. Garagyz Tarypyn söýlesem soňuna ýetmen Müň dürli bakyşly näzli garagyz Gözeller içinde saýlanyp durýa Sona gaz ýörişli pozly garagyz. Aşyk höwes eýläp ugrunda ýörer Sülmüräp seretse ganatyn gerer Çişde kebap onuň tagamyn berer Yşk ody kalbynda közli garagyz . Boýdaşlarny gürrüň bilen güldürer Jakjaklap ruhuňy göge galdyrar, Tomaşasy köpdür özün aldyrar ýakymly balkibi sözli garagyz . garaňky gijäniň ýary saçlary gündiziň öýläni dürden dişleri ýadyňa düşürýä ýazagaçlary bezenip geýinşi uzly garagyz . bagyşlap şol ýara ymarat –köşgi asmana galyksa köňlümiň yşgy arzuwum gaşynda okasam goşgy dünýämi şadeder sazly garagyz . sarygyzy tarypetdim baýakda Ak- garasy uzdyr, galmaz aýakda Goşgy ýazsaň ýarar hemmesi hakda Gaýta bolýan eken duzly garagyz . …gazal aýnadyp meni dälireden sen gündizime çog,gijämiň aýy örüpsiň saçyň her bir dynyna gerdenleriň meň ömrümiň paýy. Men bir gyzylgül tiz Wagtyndan ozal ýoluksam güýze Belki gorar-la jadyly gözleň Diňe sen üçin çökerin dyýza. Bulutlar gysyp gurşasa gögim Güneşim diýip çagyrýan seni Bir dünýä bagyt bakyşlaryňda Päkize gözleň güledýär meni. Gözleň ümedýär her şam-u-säher Teşne dodaklam ganýar lebiňden Ysyňdan alýar güller atryny Bakça-bagyňda bagban olup men. Söýgi köňülde,umyt gonagym Ençe beslänim şu günüm dursun Taňra ýalbarýan tanapym dartyp ýar wusalyňy uzakdan bersin!. Gysgajalar: (1) bolma zalym,bolma zulma baş egen bolma ejiz,bolma ejize degen, gözleriňden söýgi ýygsyn her gören, adam bolup adam bilen bol dogan. (2) dünýä sen biderek! Gögerdi gül , Güneşe alkyş aýtman. Dünýä sen biderek! Güneş, Soldurdy gülleri Wah etmän…! (3) gijelermiň aýy sen ýar bu garybyň paýy sen ýar senden özgä bil baglaman täk ýüregmimiň taýy sen ýar. (4) söýgim iki dünýä müdüýmilikdir ýarym bilgin sensiz kararym ýetmez, müň bilbil wepaly gözleriň deýin mest etmez. (5) güneş bolup çoýan,ilini, mertdir şeýle mert ganym öňünde pelertdir har bolmaly ýerde gyzylgül bolma sadalyk kämahal janyňa dertdir (6) bu dünýäde üç zat meniň arzuwum saglyk bersin,beglik bersin hem abraý ol dünýäme iman diläp ýaşaýan bitirsem diýp ynsan borjum jaýmajaý. (7) sen gözleri görýäň men gözde hyýal sen ýaz,güli görýäň men ýara mysal sen näme görseň gör jahanda emma ili keten saýyp öýtme özüňi şal!. Dostluk Gurbanlar,nowruzlar,ýanwarlartoýmyz Illeriň baýramam bizlere baýram, Dostluk döwam bolsun ýeriň ýüzünde Adamyň elinden ölmesin adam. Asla kiçelmesin kişi kişiden Bir eneden dogan , gardaşça bolsun Adam haýwan däldir dalaşar ýaly Adammyň birewe düşünşjek bolgun. Dogana gardaşa baha kesmegin , Dostuny har Gadyr bilip ýaşa bilseň şol gowy Şonda myradyňa aýlanar" tagdyr" . Özüňkide adam kesekem adam Gursaklarda kürsülleýän ýürekdir Söýüp ýaşa,adamlara söýgi eçil ýakyn diýme,ýadam diýme,bary bir. Şahyr ýatma dostluk hakda aýdym ýaz Her sözüňde ýagşylygy ündegin Adamlardan tebigatyň şowhuny Perwaz ursun,göge galsyn günmegün. ýazda dünýä ýakymly heň ýaňladar ýaza tarap badaldyrgyn ädimleň söýüp ýaşa,söýüp ýaşa,ýene söý goý aýdylsyn dostluk hakda aýdymlar. Magtymgula Yşgyň bagyna seretdim Meňli söýen gözleriňden Asmany badama goşdum Täsirlenip sözleriňden . Gözleriňden monjuklary Gözellere atdyrypdyň Dodaklaryň ballaryndan Göreçlere datdyrypdyň . Sen gelensoň ýaz bolupdy Güneşden paý alan ýaly ýogsam meýmiräp ýatyrdym hassadym döw çalan ýaly . Paýhasyňdan dillendirdiň Dilsiz- agyzsyz bimary Demigipdik isa bolduň Iliňe berip timary . Daga meňzeýär mazaryň Arkam meniň beýik kitap Goşgularyňy galanýaryn Galam üzärligim hasap . Barmaklarym ýazgyjymda Bu gözlerim seni sermäp Tümlük seni gaba bilmez Ugruňda men golum çermäp . Asmany badama goşdum Täsirlenip sözleriňden Yşgyň bagyna seretdim Meňli söýen gözleriňden . Gelejeklere arzu ýagmyr bolup gamlar ýagar köýüme bagly-bendi şirler geler oýuma golumda güýç galmamyşa ýaranlar çille dartyp peýkam guram ýaýyma . güler ýüzli ziba melek ýar hany? Naýzaly galkanly howandar hany? Aşyklara ýar gowşyran dar hany? Dodaklarym tebsiräp dur daýyma . Demir donly göroglular ötenmi? Şir-gurutlar tünde rahat ýatanmy? Nijeme paýhas gämisi batanmy? ýa arsyzlyk düşdümikä paýyma? ýazlar gelýär , geçýär onda gülüm ýok hoşwagt olan saz söhbetli salym ýok şatlygym ýok hem yrahat ölüm ýok Goşulmuş awylar gün-ow-aýyma . Döwür meniň türmämmişin hamana ýagşylygy görmänmişim hamana gelejekler döwran sürsin jaýyma! .
|
ارکین غوشغی / Erkin goshgy
ادبیات و شعر ترکمن _ turkmen poem
+ نوشته شده توسط عبدالقهار صوفی راد در چهارشنبه شانزدهم مرداد 1387 و ساعت
14:39 |

